Skip to content

Peýnirli buterbrodlar (mini pizza)

Peýnirli buterbrodlar (mini pizza)

Näçe adamlyk: 😊 2 | Taýynlmak: ⏰ 5 | Bişirmek: ⏰ 5

Günüňize kysyrdap duran çörek, gyzgyn sünýän peýnir bilen örtülen mylaýym pomedor ýa-da sosiskalyja buterbrod bilen başlasyňyz gelýärmi? Onda bu tiz taýynlanýan, tagamly we doýyryjy ertirlik siziň üçin.

Öýde çagalar bu resepte "mini pizza" diýýärler. Taýynlamana hem kömek edýärler. Mini pizza reseptini çagalar bilen bişirmek aňsat we iýmek lezzetli.

Içindäkiler — Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 6 bölek çörek
  • 120 gram peýnir
  • 2 büzmeçe (sosiska)
  • 1 pomidor
  • Oregano (kekik) ýa-da islegiňize görä gök otrlar

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Peýniri inçe dilimlere kesemeli, bişirende ereýän peýnir bolsa has gowy. Sosiska we pomidory hem inçe edip kesmeli.
  2. Eger tamdyr çörekden týynlaýan bolsaňyz ýa-da çöregiň ýumşak bolmagyny isleseňiz üstüne biraz suw serpip bilersiňiz.
  3. Çörege yzygiderlikde pomidor, peýnir, oregano ýa-da oregano, peynir sosiska goýmaly. Pomidorly buterbrod mylaýym damaga ýakymly bolýandyr.
  4. Dyhowkada 180 derejede 5-10 minut peýnir ereýänçe ýa-da gyzarýança bişirmeli.
  5. Ertirlik üçin ýanyna hyýar we käşiri uzynja dograsaňyz bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) surat 1Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) surat 2Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) surat 3Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) surat 4Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) surat 5Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) surat 6Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) surat 7Peýnirli buterbrodlar (mini pizza) surat 8

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,191 gezek görüldi. Paýlaş tekst