Skip to content

Lawaş dolama

Lawaş dolama

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 10 | Bişirmek: ⏰ 20

Ertirlik günüň iň wajyp naharydyr. Çünki size günüň dowamynda ulanar ýaly güýç we energiýa berýär. Ertirligiňiziň doýuryjy bolmagy siziň has köp işiňizi tamamlamagyňyza ýardam eder. Men siziň göwnüňize ýarajak tagamly we doýuryjy ertirklik reseptini hödürleýärin. Içi sosiska, pomidor, gök otlar, peýnir bilen doldyrylan, lawaşa oralan we daşy ýumurtgaly, kysyrwaduk şekilde gowrulan ertirlik resepti. Bu resepti bişirip görseňiz hergün iýesiňiz geler. Çagalar hem gowy görýär. Men 8 sany bişirdim, ýekejesini iýseňizem doýurýar.

Içindäkiler — Lawaş dolama taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 4 sany lawaş
  • 6 sany kiçi büzmeçe (sosiska)
  • 1 pomidor
  • 1 bolgar burç
  • 100 gram peýnir (cheddar surty has gowy ereýär)
  • petruşka
  • 1 çaý çemçesi oregano (kekik)
  • Duz, burç

Bulamak üçin:

  • 1 ýumurtga
  • 1 stakan mekge unyndan edilen hlopýa
  • ösümlik ýagy

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Peýniri syhahdan (týorkadan) geçirmeli. Içine goýulýan beýleki azyklary dogramaly. Duz burç goşup garmaly.
  2. Bir gaba ýumurtgany çakmaly we garmaly. Başga bir gaba hlopýany külke (un) ýaly owradup goýmaly.
  3. Lawaşu ortasyndan iki bölege kesmeli. Içine garan azygymyzy goýmaly we lawaşy suratdaky ýaly uzyn dörtburçluk edip eplemeli.
  4. Ilki bilen ýumurtga batyrmaly, soňra hlopýa külkesine bulamaly we ýag guýulan gyzgyn skawarotkada iki ýüzi gyzarýança gowurmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!

Suratlary

Lawaş dolama surat 1Lawaş dolama surat 2Lawaş dolama surat 3Lawaş dolama surat 4Lawaş dolama surat 5Lawaş dolama surat 6Lawaş dolama surat 7Lawaş dolama surat 8Lawaş dolama surat 9Lawaş dolama surat 10Lawaş dolama surat 11

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 3,681 gezek görüldi. Paýlaş tekst