Skip to content

Ýumurtgaly şöhlatly çörek dilimleri

Ýumurtgaly şöhlatly çörek dilimleri

Näçe adamlyk: 😊 1 | Taýynlmak: ⏰ 5 | Bişirmek: ⏰ 5

Doýuryjy, tagamly we çalt taýynlanýan ertirlik edinesiňiz gelýärmi? Onda bu resept siziň üçin. Irden ýa-da günüň dowamynda çaltjak taýynlap biläýjek tegamly ýumurtgaly, şöhlatly çörek dilimleri.

Içindäkiler — Ýumurtgaly şöhlatly çörek dilimleri taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 2 ýumurtga
  • 2 dilim buhanka çörek
  • 2 dilim gaýnadylan şöhlat (kolbasa)
  • 1 çemçe ýag

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Çörek diliminiň içini kwadrat edip kesip aýyrmaly.
  2. Gaýnadylan şöhlady ownuk kubik edip dogramaly
  3. Skawarodka ýag goýup gyzdyrmaly, çöregi goýmaly, içine dogralan şöhlay goýmaly we her dilime bir ýumurtga çakmaly. Gapagyny ýapyp 3 minut bişirmeli.
  4. Ertirligiňiz taýyn. Işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Ýumurtgaly şöhlatly çörek dilimleri surat 1Ýumurtgaly şöhlatly çörek dilimleri surat 2Ýumurtgaly şöhlatly çörek dilimleri surat 3Ýumurtgaly şöhlatly çörek dilimleri surat 4

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 824 gezek görüldi. Paýlaş tekst

Tags: