Skip to content

Remezan çöregi

Remezan çöregi

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 60 | Bişirmek: ⏰ 15

Gyzgyn, ýumşajyk remezan aýynda iýilýän çörek öýde aňsat bişiriliş resepti. "Ramazan pidesi" ady bilen Türkiýede örän meşhur we remezan aýynda ähli saçaklarda duş gelip bolýär. Un we hamyr maýadan edilýär, üstü tolkuna meňzeş nagyşly bolup künji we mak bilen bezelýär.

Içindäkiler — Remezan çöregi taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

Hamyr maýalamak üçin:

  • 1 stakan ýyly suw (200 ml).
  • 1 stakan un (120 gram).
  • 1 paket hamyr maýa (10 gram).

Hamyr üçin:

  • 1 stakan ýyly suw (200 ml).
  • 3 stakan un (360 gram).
  • 1 çaý çemçe duz (8 gram).

Sous üçin (üstüne):

  • 1,5 çemçe un (40 gram).
  • 20 ml sowuk suw.
  • 50 ml gyzgyn suw.
  • 1 ýumurtganyñ sarysy.

Üstüne:

  • Künji, mak däneleri.

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ilki bilen hamyry maýalamaly. 1 stakan gyzgyn suwa hamur maýany we 1 stakan uny goşup garmaly. Üstüni paket bilen ýapyp 20 minut goýmaly.
  2. Çişen hamyra ýene 1 stakan ýyly suw, 3 stakan un we bir çümmik duz goşup garmaly. Ýene üstüni paket bilen ýapyp 20 minut goýmaly.
  3. Hamyry un sepilen stola alyp elimize ýelmeşmez ýaly biraz una bulamaly. Ikä bölmeli we uzyn şekil etmeli. Duhawkanyň profinine ýagly kagyz ýazmaly we iki hamyrymyz sygar ýaly edip goýmaly. Ütüni bir mata bilen ýapyp ýene 20 minut goýmaly.
  4. Üstüniň sousyny taýynlamaly. Uny sowuk suw bilen garmaly, gyzgyn suwy goşmaly we ýene çaltça garmaly. Soň ýumurtganyň sarysyny goşup suýuk sous bolýança garmaly.
  5. Protfinde duran çöregiň üstüne sousy bir gat gowy edip çalmaly. Barmaklarymyzyň ujy bilen ilki gyralaryny, soň içini setka şekil bolar ýaly basmaly.
  6. Üstüne knji we mak dänelerini sepmeli. Çörek ýumşak bolar ýaly duhowka bir gapda suw goýmaly. Remezan çöregini öňünden 250 gradus gyzdyrylan duhowkada üsti gyzarýança takmynan 15 minut bişirmeli. Ýumşajyk çöregimiz taýyn, edip görýän bolsaňyz işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Remezan çöregi surat 1Remezan çöregi surat 2Remezan çöregi surat 3Remezan çöregi surat 4Remezan çöregi surat 5Remezan çöregi surat 6Remezan çöregi surat 7Remezan çöregi surat 8Remezan çöregi surat 9Remezan çöregi surat 10

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 3,469 gezek görüldi. Paýlaş tekst