Skip to content

Towukly sezar salaty

Towukly sezar salaty

Näçe adamlyk: 😊 1 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 15

Sezar salatynyň köp görnüşi bar emma hemmesiniň içinde towuk eti we towuk ýumurtgasy ulanylýar, şeýle hem salada esasy tagam erýän onyň original sousy; linonyň soky, gorçitsa we zeýtun ýagy bilen edilýär. Sousa öňler ýumurtga hem goşulýän ekeni ýöni häzirler ony goşanoklar.

Içindäkiler — Towukly sezar salaty taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 150 gram towuk file
  • 1 pomidor
  • 2 ýumurtga
  • 2 bölek ak çörek
  • 4 sany salat ýapragy
  • 2 çemçe zeýtun ýag
  • 1 çemçe limon sok
  • gorçitsa
  • künji çigidi

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ýumurtgany gaýnatmaly.
  2. Towuk filesini inçe dogramaly we ýagda dyzarýança gowurmaly.
  3. Çöregi kiçi kubiklere kesmeli we duhowkada guratmaly, suhari etmeli.
  4. Pomidory inçe edip dogramaly.
  5. Bir tabaga slat ýapraklaryny goýmaly. Üstüne pomidor, suharini, kesilen ýumurtgany we gowrulan towugy goýmaly.
  6. Sousy taýynlamak üçin bir gapda limon sogyny (taýyn ýa-da täze limondan), zeýtun ýagyny we tagamyna görä gorçitsany garmaly. Sousy saladyň üstünden guýmaly.
  7. Salady nahardan öň işdeaçar hökmünde ýa-da esasy nahar ýerine hem goýup bilersiňiz. Işdäňiz açyk bolsyn.

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 6,708 gezek görüldi. Paýlaş tekst