Syçan ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň birinjisi. Yryma görä, syçan ýylynda dogulan adam, başgalaryň nazaryndan sowarak görünmäge çalyşýar, olar elmydama maýda çüýde zatlara gümra bolup gezmegi gowy görýär. Daşyndan görseň ol hatyjem, sussypes we pes päl, emma ilki göreňde parahat , arkaýyn adam diýdirýände bolsa, olarda içki joşgun möwç urýan bolmaly. Bu ýylda dogulan adamlaryň daş keşbi-de özüne çekiji bolýar. Bu adamlar özüni tutup bilýär. Başyna iş düşende çekip bilýär, gam-teşwişi içine ýuwudýar.
Syçan ýylynda dogulanlary gowy tanamak üçin olar bilen köpüräk söhbetdeş bolmaly. Şonda ilki bada olaryň galjaňlyk, biinjalyklyk, hatda gaharjaňlyk ýaly häsiýetlerden daşda däldigini görersiňiz.
Adatça bu adamlar zor bilimli däl, emma, dili arassa,sylaşykly, özlerem bir iş başlasalar ahyryna çenli ýetirmän goýmaýarlar. Olar tygşytly, puly özüne sarp etmegi gowy görýärler, özüni zatdan gysmaýar, başgalara karz pul bermegi halamaýar. Baýlygy köpüräk toplamaga çalyşýar. Käbir adamlara örän gysgançlyk mahsus, ýöne hemmesi beýle däl, kähalat zerurlyk ýüze çyksa, ýa-da göwnese, olar zadt, puly gaýgyrman hem harçlaberýär. Emma bu ýagdaý syçan ýylynda dogulanlarda ýygy-ýygydan bolubermeýär. Eger-de bu adamlar biirini söýse, gadryny bilmäni başarýar.
Köpçüligi halaýalar, esasan hem aýallar gybat etmäni gowy görýärler, bularyň arasynda ölemen gybatçylar hem döreýär. Hakyky dostlary az bolsa-da, gowy gatnaşykdaky tanyş bilişleri köp. Goňşylary bilen oňuşykly.
Aýallary arassaçylygy gowy görýärler, ýöne käbir edýän işleriniň manysy az. Bu ýylda dogulanlar köplen adamlara däl-de özüne bil baglaýarlar, köp kişä ynanmaýarlar, haşy-waşy gürrüňlere az ähmiýet berýärler, öz gününi özleri dolajak bolmaga ýykgyn edýärler. Şol bir wagtyň özünde-de her bir zatdan bähbit agtarýarlar, azajyk hem bolsa peýda görüp galmaga ymtylýarlar. Özüniň mylakatlylygyndan başardygyndan peýdalanýarlar, kähalat öte geçýän ýerleri hem bolýar. Bu adamlar özüini çäklendirmän ýaşamak isleýärler, köplenjem başarýarlar. Emma olary gelejek az-kem gorkuzýar, şonuň üçin ertirini-de ýatdan çykaraýanoklar, başarsalar ikiniň birini ertire-de goýaslary gelýär. Garran çagynda hor bolmazlyk üçin artan-süýşenini aýawly tutup, ýygnap goýmaga çalyşýarlar. Esasan, bulara göwnündäkä ýetmek başardýar. Göwnüne almasynlar, öz ýagdaýlaryny bilip goýsalar gowy, syçan ýylynda dogulanlar özi az zähmet çekip, kişiniň hasabyna ýaşaslary gelýär. Kişiniň güýjinden başardygyndan peýdalanýarlar.
Syçan ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?
Syçan ýylynda dogulanlaryň ömrüniň birinji bölegi asuda geçýär, ikinji ýarymynda şowsuz başlan işi ýa-da başa barmadyk söýgüsi zerarly pent görmekleri mümkin. Garran çagy olaryň durmuşy ýene-de asudalaşýar. Bu adamlaryň ukyplary barada şu aşakdakylary aýtmak bolar. Ilki bilenä bular çeper döredijilige ukyply, aýallaryň dokan haly-palasy, basan keçesi, nagyş işleri beýlekileriňkiden tapawutlanýar. Çaga hüwdilemäge ökde, käbir-ä çagany sallançaga salyp hüwdi aýdyp, arzuw edip oturmany gowy görýär. Erkekleri töwella ökde bolýar. Erkeklerem, aýallaram zat ýygnap goýmaga ýykgyn edýärler. Olaryň goş saklaýan ýerinde haçan görseň gerekmejek zatlaram üýşip ýatýar.
Syçan ýylynda doglanlar kim bilen durmuş gursa bolýar?
Syçan ýylynda dogulanlaryň 🐵 maýmyn (bijin), 🐟 luw (balyk), 🐮 sygyr ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmagy makul. Bularyň häsiýeti köplenç biri-birine laýyk gelýär, hatda biri-biriniň ýetmeziniň üstüni-de doldurýar. It, doňuz, ýylan ýylynda dogulanlara syçan ýylynda dogulan bilen nikalaşmak nämakulrak görülýär.
Haýsy ýyllar syçan ýylyna degişli?
Syçan ýyly: 1912, 1924, 1936, 1948, 1960, 1972, 1996, 2008, 2020, 2032, 2044, 2056, 2068, 2080, 2092-nji ýyllara gabat gelýär.