Skip to content

🐟 Luw (balyk) ýyly

Müçenama luw balyk ýyly barada maglumat. Balyk ýyly 2024.

Luw (balyk) ýylynda dogulan adamlar nähili bolýarlar?

Balyk ýylynda dogulan adamlaryň jany örän sagat bolýar, olar gujur-gaýratly, sapýürek, ikiýüzlilik etmeýär, geçirimli. Bu adamlar ynanjaň we dogruçyl, sähel zada biinjalyk bolup aladalanýarlar. Elmidama kämillige ymtylýarlar, şonuň üçin özüne hem-de töweregindäkilere talap ediji. Köp zat isleýärler, şol derejede hem ilata paýlaýarlar. Akgöwünli, batyrgaý, oňat duýgudaş, olara ynanyp iş tutsaň ökünmersiň. Göwniaçyk, adat boluşy ýaly olaryň aýdýan pikiri esasly bolýar. Olary hemme hormatlaýar, başga adamlara täsiri gýçli.

Bu ýylda dogulan adamlar gaharjaň, diline näme gelse aýdyp göýberiberýär. Soňundan aýtmaly gepi öňünden aýdýarlar. Ýöne her näme diýselerem berýän maslahatlaryna gulak asmak bähbitli. Sebäbi adama ýamanlyklary ýok.

Luw ýylynda dohulanlar ukyply, sypaýy, özüne erk etmegi başarýan adamlar. Olar bütün ömrüne horluk ýüzüni görmän ýaşar, köp işleri bitirmäge ýetişerler. Haýsy hünäre baş goşsa başarmady diýdirjek gümany ýok. Bular ömrüni beýik işlere bagyş etseler, hökman uly üstünlige eýe bolarlar. Bardy-geldi olar ýaramaz ýola düşäýseler hem köp zady başararlar. Ýöne ykballarynyň nähili boljagyny aýtmak kyn. Olary elmydama söýýärler, emma özi welin seýrek söýer. Bular hiç wagt söýgi ezýetini çekmez, başgalaryň welin, olaryň yşkynda derdi-azara galmagy mümkin.

Luw ýylynda dogulan aýallar, söýülýän hem arzyly bolar. Olara öýlenmekçi bolup, köňül beren ýigit köp bolar. Bular ýaşka seýrek durmuşa çykarlar, köplenç giç nikalaşýarlar, käbiri hatda öz durmuşa çykmaly möwrütini geçirip göýberýär, bütün ömrüne durmuşa çykmaýanlary-da bolýar. Bu ýagadaý olar üçin kynçylyk döretmeýär, ýekelikde-de özüni oňat duýýarlar. Pul karz almagy, uza-uzak söz sözlemegi halamaýarlar. Mylaýym hem hoşgylaw, özüni pida etmäge taýyn. Käbiriniň häsiýeti örän agyr, köplenç olar töwerekde bolup geçýän zatlardan kanagatlanmaýarlar. Durmuşda köp kynçylyklara duş gelýär.

Balyk ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?

Öz ýakynlaryndan köp zat isleýänligi üçin ömrüniň birinji bölegi kyn geçýär. Orta ýaşda ýagşy-ýamany deňçerräk bolýar. Garran çagy parahat ýaşaýar. Luw ýylynda dogulan erekler bagtly adam hasaplanýar.

Balyk ýylynda dogulanlar haýsy ýylda dogulanlar bilen bagtly bolarlar?

Luw ýylynda dogulanlar 🐀 syçan, 🐍 Ýylan, 🐵 Bijin ýa-da 🐔 Towuk ýyllarynda dogulanlar bilen guran durmuşy bagtly bolmagy wada berýär. Sygyr ýa-da Luw ýyly dogulanlar bilen durmuş gursa amatsyz bolar. It ýylynda dogulanlar bilen ýaşamaly bolsa, bagtsyz bolar.

Luw balyk ýyly haýsy ýyllar?

Olar: 1952, 1964, 1976, 1988, 2000, 2012, 2024, 2036, 2048, 2060, 2072, 2084, 2096 ýyllardyr.

Luw näme diýmek?

Luw köne türkmen dilinde balyk diýmek. Luw ýyly balyk ýyly diýmek we müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň başinjisi.