Skip to content

🐑 Goýun ýyly

Müçenama goýun ýyly barada maglumat

Goýun ýyly müçe ýyl hasabyna görä 12 ýylyň sekizinjisi. Goýun ýylynda dogulan adamlar çeperçilik sungatyna ökde bolýar. Olar gelşikli, şähtiaçyk, özüne çekiji. Tebigaty gowy görýärler. Hereketleri gelşikli, sazlaşykly, çeýe häsiýetleri welin örän ynjyk. Köpüsiniñ häsiýeti ýüregedüşgünç, elmydama iññirdäp ýörýär, ýaýdanjañ, öz ykbalyndan hemişe zeýrenýär. Köpüsi dine berk ynanýar, fantastiki we adatdan daşary zatlar bilen köp gyzyklanýar. Kişiniñ zadyna eýeçilik etmegi gowy görýär. Başgalaryñ hasabyna baýamaga çalyşýar. Tertipsizligi we gödekligi zerarly olaryñ käbir hereketlerini çekip-çydar ýaly däl. Emma olar gerek bolsa ýaranmagy başarýarlar.

Umuman aýdanyñda bular akgöwünli hem-de sahy adamlar. Iki zady bolsa birini bermäge taýýar. Ýöne köplenç bermekçi bolýan zady özgäniñki. Ýeri gelende aýtsak, olar ýaramaz hojalykçy. Bularyñ durmuşy köplenç özüne däl-de töweregindäkilere bagly bolýar, esasan olaryñky şowuna. Her niçik waka bolup geçse-de, günäkär boljak gümanlary ýok. Ynsapsyzlyk edilýänini görseler duşundan arkaýyn geçip bilenoklar.

Goýun ýylynda dogulanlarda jogapkärçilik duýgusy gowşak ösen, özlerem täzelikçi däl. Ýolbaşçylyk etmäge ukyplary az, sebäbi olar boýun egmegi gowy görýärler. Ýöne gowy adamlaryñ täsirine düşse, sungatda-da uly üstünlige eýe bolup bilerler. Talantly adamlar, özlerem örän duýgur. Muña garamazdan beýlekilerden saýlany bermegi başarmaýarlar.

Söwdada işleri juda bir paşybermeýär. Bulardan söwdegär bolup gönendiren ýok. Pikirlerini aýdyñ beýan etmegi başarmaýarlar. Şonuñ üçin aýdýan zatlaryna bada-bat düşünmek kyn, bir görseñ-ä çalt-çalt, bir görseñem haýal gepleýärler. Bütin ömrüne söýgi hossary bir gapdallaryndan galmaýar, käbiriñ-ä bulaşmagam mümkin.

Goýun ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?

Goýun ýylynda dogulan adamlar 🐰 Towşan, 🐷 Doñuz, 🐴 Ýylky (at) ýylynda dogulanlar bilen goş birikdirse bagtly bolar. Syçan, esasanam Sygyr ýa-da It ýyllarynda dogulanlar bilen durmuş gurmak maslahat berilmeýär.
Ömrüniñ ikinji bölegi aladaly, garran çaglary asuda durmuşda geçýär.

Goýun ýyly haýsy ýyllar?

Goýun ýyllary: 1907, 1919, 1931, 1943, 1955, 1967, 1979, 1991, 2003, 2015, 2027, 2039, 2051, 2063, 2075, 2087, 2099.

Müçe ýyl hasaby barada umumy maglymat şu ýerden okap bilersiňiz.