Skip to content

🐔 Towuk (takyk) ýyly

Müçenama towuk ýyly barada maglumat

Towuk ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň onunjysy. Towuk (takyk) ýylda dogulanlara mertlik, batyrlyk mahsus. Olar şeýle bir gaýduwsyz adamlar, hatda ömri howp astynda wagty hem gorkman ýylgyrjaklap bilýär.

Bular pähimdar hem-de talantly adamlar. Zähmet çekmegi gowy görýär, öz işini söýýär. Söz berse, her näçe kyn hem bolsa sözünde tapyljak bolýar, eger-de başarmasalar muña çyny bilen gynanýarlar. Göwnünde näme bar bolsa, çekinmän şony hem aýdýarlar, bu köp adama ýokmaýar we şonuñ üçin olaryñ arasynda düşünşmezlikler ýüze çykýar; käbir adamlar bular bilen kemräk gatnaşyk edenini kem görmeýär. Bu gönümellik towuk ýylynda dogulanlaryñ adamyñ kän bir göwnüni görüp durmaýanlygyndan habar berýär.

Bu ýylda doglan adamlar rehimsiz adamlar. Şu häsiýetleri olara sypaýyçylyk talap edýän işlerde işlemäge mümkinçilik bermeýär. Bular köneçil, täzäni hatda özüne bähbitli-de bolsa kynlyk bilen kabul edýär. Köplenç özüni mamla hasaplaýar we ederini bilýär. Şonuñ üçinem olar ynamly hereket edýär.

Gowy geýinmegi, töweregindäkileriñ özüne gözi gider ýaly derejede geýinmegi halaýarlar. Diñe, geýimine däl, adamlar köplenç olaryñ pähimine-de haýran galýarlar. Şeýle pursatda olaryñ çakdanaşa öwünjeñligi az-kem abraýyny gaçyrýar, gözden düşürýär. Käwagt başarmajak işinem wada berýärler. Olar bilen ýakyndan iş salyşanyñda daş görnüşine aldanandygyña göz ýetirýärsiñ. Bularda ýaltaçylygam ýok däl. Emma bulara gowy işlemese, zähmet çekmese añsat zat ýok, puly-da kynlyk bilen tapýarlar. Eger-de yzygiderli zähmet çekseler, baý durmuşda ýaşamaklary mümkin. Ýöne olar sähel arkaýynçylyga ýol berseler, ýaltalyk etseler, ýygnanjalaryny-da tiz ýitirerler. Söýgi meselesinde ýagdaýlary öwerlik bolmaýar, öz halaýanynyñ göwnüne ýetmek üçin azap çekmeli bolýar.

Towuk ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?

Ömrüniñ dowamy birsydyrgyn bolmaýar, bir görseñ-ä başlan işi paşyp barýar, bir görseñem şowsuzlyga uçraýar. Garyplygam görýär, baýlyga-da ýetýär. Garran çaglary bagtly durmuşda ýaşaýar.

Towuk ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?

Towuk ýylynda dogulanlar 🐮 sygyr, 🐍 Ýylan, 🐟 luw ýylynda dogulanlar bilen bagtly durmuşda ýaşar. Syçan, Towuk, It ýylynda dogulanlar bilen guran maşgalasy amatsyzdyr. Goýun ýylyndakylar bilen bagtly ýaşaýşy bolmaz.

Towuk ýyly haýsy ýyllar?

Olar: 1909, 1921, 1933, 1945, 1957, 1969, 1981, 1993, 2005, 2017, 2029, 2041, 2053, 2065, 2077, 2089.

Müçenama boýunça 12 ýyl we olaryň häsiýeti.