Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 40
Towukly palow iýesiňiz gelýärmi? Palowyň suratly tarypyny şu reseptden görüp siz hem öýüňizde aňsatlyk bilen bişirip bilersiňiz.
Içindäkiler — Towukly Türkmen palow taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 2 towuk aýak
- 2 sogan
- 3 uly käşir
- 4 çaý käse tüwi
- 80 ml suýuk ýag
- Suw, duz
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Towuk aýaklaryny dogramaly, duzlamaly.
- Gazana ýag guýup towugy gowurmaly, çala gyzaran wagtu soganlary inçe dograp atmaly.
- Sogan gowu bişen soň inçe dogralan käşiri atmaly.
- Käşir bişýänçe garaşmaly, eger et köýjek bolsa azajyk suw goşmaly.
- Tüwini ýuwmaly we tekizjek edip gazana salmaly.
- Duz sepip, tüwiniň ýüzünden barmagyň birinji bogununa ýeter ýaly suw guýmaly.
- Odyny gaty goýup tüwi suwuny sorýança garaşmaly. Tüwi suwyny çekenden soň odyny peseldip buglanar ýaly uly çemçäniň sapy bilen düýbýne ýetýänçe 7-8 sany deşik açmaly. Gapagyny ýapyp 10-15 minut goýmaly. (Men palowymy bulaman bişirýän, çagalar şularýaly gowy görýär.)
- Salanyňyzda palowyň etini, käşirini sazlap owadanlap tarelkalara goýmaly. Palowymyz taýyn, Işdäňiz açyk bolsyn.
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Towukly palow iýesiňiz gelýärmi? Palowyň suratly tarypyny şu reseptden görüp siz hem öýüňizde aňsatlyk bilen bişirip bilersiňiz.
IÇINDÄKILER:
• 2 towuk aýak
• 2 sogan
• 3 uly käşir
• 4 çaý käse tüwi
• 80 ml suýuk ýag
• Suw, duz
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Towuk aýaklaryny dogramaly, duzlamaly.
✔ Gazana ýag guýup towugy gowurmaly, çala gyzaran wagtu soganlary inçe dograp atmaly.
✔ Sogan gowu bişen soň inçe dogralan käşiri atmaly.
✔ Käşir bişýänçe garaşmaly, eger et köýjek bolsa azajyk suw goşmaly.
✔ Tüwini ýuwmaly we tekizjek edip gazana salmaly.
✔ Duz sepip, tüwiniň ýüzünden barmagyň birinji bogununa ýeter ýaly suw guýmaly.
✔ Odyny gaty goýup tüwi suwuny sorýança garaşmaly. Tüwi suwyny çekenden soň odyny peseldip buglanar ýaly uly çemçäniň sapy bilen düýbýne ýetýänçe 7-8 sany deşik açmaly. Gapagyny ýapyp 10-15 minut goýmaly. (Men palowymy bulaman bişirýän, çagalar şularýaly gowy görýär.)
✔ Salanyňyzda palowyň etini, käşirini sazlap owadanlap tarelkalara goýmaly. Palowymyz taýyn, Işdäňiz açyk bolsyn.
Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 40
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/towukly-turkmen-palow/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap