Skip to content

Ýumurtgaly katlet

Ýumurtgaly katlet

Näçe adamlyk: 😊 2 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 30

Daşy katlet, içi bütin ýumurtgaly naharyň ýanyna makaronly garnir edilen owadan we tagamly naharyň taýynlanyş resepti. Çagalar bilen bezemek hem örän gyzykly. Işdäňiz açyk bolsyn.

Içindäkiler — Ýumurtgaly katlet taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 300 gram üwelen et
  • 1 sogan
  • 150 gram çörek
  • 1 ýumurtga
  • Burç, duz
  • Suýuk ýag (gowurmak uçin)

Içi üçin:

  • 4 sany gaýnadylan ýumurtga

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Katlet üçin sogany we çöregi kombayndan geçirmeli. Bir gaba üwelen sogan, çörek, üwelen et, ýumurtga, duz, burç goşup garmaly.
  2. Içi üçin 4 ýumurgany gaty bolar ýaly gaýnadyp daşyny aýyrmaly.
  3. Etli garyndyny 4 bölege bölmeli we bir pakediň üstüne tegelek edip elimiz bilen açmaly. Ortasuna bir ýumurtga goýmaly. Paket bilen etli garyndyny ýumurtganyň daşyny ürtmeli. Pakedi aýyryp öl elimiz bilen katleti tegelek etmeli. Gyzgyn ýagly skoworotkada daşy gyzarýança ýeke ýekeden gowurmaly.
  4. Katleriň ýany bilen iýmäne makaron ýa-da töwi gaýnatmaly.
  5. Göwnüňize görä ot, ketçup, maýonez bilen bezemeli.

Suratlary

Ýumurtgaly katlet surat 1Ýumurtgaly katlet surat 2Ýumurtgaly katlet surat 3Ýumurtgaly katlet surat 4Ýumurtgaly katlet surat 5Ýumurtgaly katlet surat 6Ýumurtgaly katlet surat 7Ýumurtgaly katlet surat 8Ýumurtgaly katlet surat 9Ýumurtgaly katlet surat 10

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 4,036 gezek görüldi. Paýlaş tekst