Bars ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň üçünjisi. Bu ýylda dogulan adamlar duýgur, ganygyzma, tertipsizräk bolýar. Olar özünden ulylar ýa-da ýolbaşçylar bilen köp gapma-garşylyga gidýärler. Bu ýagdaýa garamazdan hormatlanýarlar, sylanýarlar. Möhüm karara gelmeli wagty ýaýdanyp pursaty elden berýän halatlary az bolmaýar. Pikiri dar bolany üçin, aňsat beýlekileriň gepine ynanmaýar. Köplenç jedelleşmegi gowy görýär. Özüniň nämakuldygyny bilip dursa-da, aňsat aýdan sözünden dänmeýär. Bu-da olaryň uly kemçiliginiň biridir, özem şu ýagdaý durmuşlarynda käbir aňsat bitiräýjek işlerini-de kynlaşdyrýar. Häsiýeti boýun egmezek, aýdanyny etdirmegi, diýenini gögertmegi halaýar, ýöne köplenç nädogry karara gelýärler., dogry çözgüt tapaýanlarynda hem bu olara kynlyk bilen başardýar. Hiç kim bu adamlaryň ýüzüne hakykaty aýtmaga milt edip bilmeýär, sebäbi ondan gaýtawul aljagyň ikiuçsyz. Eger-de olaryň aýdany bilen oýlap-ölçermän iş tutsaň gümansyz utularsyň.
Bars ýylynda dogulanlar çaksyz töwekgel.
Töwekgelçilik bularyň ganyna siňen. Şonuň üçin köplenç oýlanşyksyz iş edip, soňundan ökünýärler. Bular pähim-paýhas bilen iş tutanda, bimöçber bähbit görýärler. Eger-de akylly maslahata eýerseler, şondan diňe peýda tapýarlar. Azajyk zadam bähbit bilýärler, ýöne köp girdeji getirjek uly işler üçin gaýgyrman pul sarp edip bilýärler. Köplenç “özüm bilýän” diýip, kişiniň gepine gulak asman zyýan çekýärler. Maksadyna ýetmek üçin, hiç zatdan gaýtmaýarlar, olary kanunam, tertip-düzgünem aňsat saklap bilmeýär.
Iň gynandyrýan ýerem, olar baryp-baryp aýgytly netijä gelmeli, çürt-kesik karara gelmeli halatda ýaýdanmaga başlaýarlar, şeýdip hem pursady elden berýärler. Bu adamlardan ökde harby ýolbaşçylar bolup biler, ters ýola düşseler ýeser ýagy, howply jenaýatkär bolmaklary mümkin. Sebäbi bularda soňuny saýmaz töwekgelçilik bar.
Bars ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?
Örän duýgur adamlar, söýgüsi güýçli, şol boluşlaryna-da söýgüde öz bagtyny seýrek tapýarlar. Ýaşlygy örän parahat geçýär, orta ýaşa ýetenlerinde welin durmuşy gaýnap-joşýar, az biynjalyk bolmaýarlar. Garrylyga ýetensoň welin olara örän arkaýyn durmuş garaşýar.
Rowaýata hem-de ýoň bolan yrymlara görä, bars ýylynda dogulanlaryň zady ogurlykdan, ýangyndan, kast edilmekden amanmyş, şeýle-de bolsa olar zadyna göz-gulak bolmagy unutmasynlar.
Bars ýylynda dogulanlar haýsy ýylda dogulanlar bilen durmuş gursalar bagtly bolarlar?
Bars ýylynda dogulanlar 🐴 Ýylky (at) ýa-da 🐟 luw (balyk) ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa göwnejaýdyr. Emma sygyr, ýylan ýa-da maýmyn ýylynda dogulanlar bilen durmuş gursa gününiň kyn bolmagy mümkin.
🐯 bars ýyly haýsy ýyllar?
Olar: 1974, 1986, 1998, 2010, 2022, 2034, 2046, 2058, 2070, 2082, 2094 ýyllardyr.