Skip to content

🐴 Ýylky (at) ýyly

Müçenama ýylky at ýyly barada maglumat

Müçenama görä Ýylky (at) ýylynda dogulanlar görnükli hem-de şadyýan adamlardyr. Puluñ sarpasyny tutmagy başarýarlar. Oñat geýinýärler, tomaşany, şagalañy gowy görýärler. Mydama köpçilikde gezesi gelýär. Köplenç bulardan gowy sportsmenler çykýar, sportda uly üstünlükler gazanmagy mümkin.Akylly, düşbi, ýöne köpüräk gepleýärler. Işleri mydam şowuna, başga adamlaryñ pikirini añmagy başarýar. Diñe akyl zahmetine dal, eýsem fiziki zahmetde-de ukyply.

Sypjyk, elmydama bir diýeniniñ üstünde durup bilmeýärler. Iş başlasa ahyrna çenli göz ýetirip bilmän, köplenç iñkisde bolýarlar. Muña garamazdan elmydama ynamly hereket edýärler. Özüni saklamagy başarmaýarlar, şonuñ üçin hem gazananlarnyñ köpüsini ýitirýärler. Olaryñ gazabyna duçar bolup gören her bir adam, ikinji gezek iş salyşlamýar. Sebäbi olaryñ gahary bimöçberdir. Onsoñam bular şeýle bir derejede özüni gowy görýärler welin, hoşuña gelsin. Her bir garşysyna çykýan adamy, hiç bir nebsi agyrman heläklap bilýärler. Diñe öz bähbidini bilýär, özüne bahbitli bolmasa başgalaryñ işine gatyşmaýar.

Tebigaty boýunça garaşsyz, töweregindäkileriñ maslahatyna mätäçlik çekmeýär, göwnüne näme düwen bolsa şony hem edýär. Şu ýagdaý olary kynçylygyñ üstünden eltýär. Özüne göwni ýetýär hem-de öz gadyrny bilýär.

Erkekleri aýallar babatynda durnuksyzyrak. Duýgysyna degseñ bar zady ýatdan çykarýarlar. Her bir işe ähli güýjüni, ukybyny sarp etmäge çalyşýarlar, ýöne gulluk wezipesi babatynda welin juda beýle däl. Söygi duýgusy olar üçin örän belent, söýýäniniñ hatyrasyna ähli zatdan geçmäge taýýar. Şu häsiýeti sebäpli köp işi başa barman galýar. Kim özüniñ şu kemçiligini ýenip bilse, oña uly üstünlük garaşýar. Maşgala guransoñ olar tutuş maşgalanyñ üns merkezinde bolýarlar. Bularyn gitmegi bilen maşgalanyñ abat durmuşy öñküligini ýitirýär.

Dana, öz eli bilen zat ýasamagy gowy görýär. Adamlaryñ sözüne köre-körlük bilen ynanýar, olary aldamak örän añsat.

Ýylky ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?

Durmuşynyñ birinji, ikinji bölekleri aladadan doly, emma garran çagy asuda durmuşda ýaşaýar.

Ýylky ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?

Ýylky ýylynda dogulanlar 🐯 bars, 🐶 It, 🐑 Goýun yyllarynda dogulanlar bilen nikalaşsa bagtly bolýar. Syçan ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmakdan gaça dursa gowy.

Ýylky ýyly haýsy ýyllar?

Ýylky ýyllary :1906, 1918, 1930, 1942, 1954, 1966, 1978, 1990, 2002, 2014, 2026, 2038, 2050, 2062, 2074, 2086, 2098.

Ýylky näme diýmek?

Ýylky köne türkmen dilinde at diýmek. Ýylky ýyly at ýyly bolýar we müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň ýedinjisi.