Skip to content

Etli kädili manty

Etli kädili manty

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 90 | Bişirmek: ⏰ 35

Mantygazandan bugy çykyp duran gyzgynjak manty iýesiňiz gelse, myhmanlaryňyzy hem haýran galdyrjak manty reseptini siziň bilen paýlaşýaryn. Taýynlamak biraz wagt alyp biler çünki eti öz islegimize görä garyp üweýäs, kädinem elde dograýas. Isleseňiz taýyn üwelen et hem ulanyp bilersiňiz.

Içindäkiler — Etli kädili manty taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 800 gram et
  • 800 gram düýp sogan
  • 200 gram guýruk ýagy
  • 500 gram kädi
  • duz we burç
  • 50 gram gaýmak
  • mesge ýagy

Hamyr ücin:

  • 1 kg un
  • 2 ýumurtga
  • suw

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Eti guýruk ýagydyr düýp sogan bilen aralaşdyryp et üweýjiden geçirmeli. Soňra oňa gara burç we duz garmaly. Içine ownugrak dogralan kädi goşulsa has-da ýumşak bolar.
  2. Hamyr edip, ol demini alar ýaly bir salym goýmaly. Soňra ýukajyk ýaýmaly-da çen bilen 7×8 santimetr ölçegde kesişdirip, böleklere bölmeli.
  3. Taýýarlanan dürüşdäni üstüne goýup, hamyryn gyralaryny bükmeli.
  4. Manty pitilerinin tabaklaryna ýag çalmaly, üstünden mantylary düzmeli. Soňra pitä ýagly çorba guýup, ol odun üstüne goýulýar. Mantylar gaýnaýan suwun gyzgyn buguna 35-45 minutda gowy bişyärler.
  5. Saçaga äberilende, üstüne gaýmak ýa-da mesge ýagy çalnyp äberilyär.

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 2,847 gezek görüldi. Paýlaş tekst