Skip to content

Guzy etinden sous

Guzy etinden sous

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 20 | Bişirmek: ⏰ 50

Içindäkiler — Guzy etinden sous taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 600 gram guzy eti
  • 50 ml suýuk ýag
  • 3 käşir
  • 3 kartoşka
  • 1 sogan
  • 2 bolgar burç
  • 1 çemçe tomat
  • Duz, burç

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Böleklenen süňkli guzy etini (gapyrga ýa-da boýun) duzlap gyzdrylan ýagly gazsana atyp daşy gyzarar ýaly gowurmaly. Hemme ýeri deň gyzarar ýaly bulamaly, 5-10 minut bişirmeli.
  2. Sogany ownuk dograp gazana atmaly we 5 minut gyzartmaly.
  3. Käşiri barmak galyňlygynda dograp gowurmaly 5-10 minut.
  4. Kartoşkany iri dogramaly, bolgar burçy orta dogramaly we gazana atmaly. Tomaty suwda eredip goşmaly. Üstüni çala ýapýança suw guýmaly. Duz we burç atmaly.
  5. Gazanyň suwy gaýnan soň odyny gowşatmaly we 30 minut ýa-da kartoşka bişýänçe bişirmeli. Kartoşka atan soň bulamak hökman däl, ýogsam kartoşkalar bölüner.
  6. Guzy eti ýumşap bişýär we tgamly çorba bolýar. Işdäňiz açyk bolsyn.

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 3,417 gezek görüldi. Paýlaş tekst