Näçe adamlyk: 😊 2 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 10
Döner (шавурма) – öýde aňsat we arzan bişiriliş resepti. Daşarda satylýan dönerden 2-3 esse arzan, göwnüňize görä doldyrylan döner iýesiňiz gelse hökman edip görüň. Döneriň asyl tagam berýän zady sousydyr, isleseňiz sarymsaksyz hem edip bilersiňiz.
Içindäkiler — Towuk lawaş doner – öýde bişirilişi taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary
- 400 gram towuk eti
- 4 sany lawaş
- 2 pomidor
- 2 hyýar
- 1 bulgar burç
- 1 kiçi sogan
- salat ýapragy we islege görä gök otlar
Sous üçin:
- 2 diş sarymsak
- 2 çemçe maýonez
- 1 çemçe ketçup
- 1 çaý çemçesi soýa sousy
Taýynlanyşy / bişirilişi
- Towuk etini kiçi edip dogramaly, sünksiz bolmaly. Eti skawarodkada biraz ýag goşup çalaja gyzarýança gowurmaly, islegiňize görä duzlamaly.
- Pomidor, hyýar, sogan, bulgar burçy inçe edip kesmeli. Hersini aýry goýmaly. Dogralan sogany biraz eliňiz bilen ýumuryp ýitiligini azaltmaly. Gök otlary ownuk edip dogramaly.
- Sarumsagy ownuk dograp maýonez, ketçup, soýa sousy bilen garyp tagamly sous ýasamaly.
- Lawaşy açyp içine eti we taýynlan zatlarymyzy goýuşdyryp sous çalmaly we towlamaly.
- Islege görä duhowkada ýa-da grilde 2-3 minut goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!
Suratlary
* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.
Döner (шавурма) – öýde aňsat we arzan bişiriliş resepti. Daşarda satylýan dönerden 2-3 esse arzan, göwnüňize görä doldyrylan döner iýesiňiz gelse hökman edip görüň. Döneriň asyl tagam berýän zady sousydyr, isleseňiz sarymsaksyz hem edip bilersiňiz.
IÇINDÄKILER:
• 400 gram towuk eti
• 4 sany lawaş
• 2 pomidor
• 2 hyýar
• 1 bulgar burç
• 1 kiçi sogan
• salat ýapragy we islege görä gök otlar
Sous üçin:
• 2 diş sarymsak
• 2 çemçe maýonez
• 1 çemçe ketçup
• 1 çaý çemçesi soýa sousy
TAÝYNLANYŞY / BIŞIRILIŞI:
✔ Towuk etini kiçi edip dogramaly, sünksiz bolmaly. Eti skawarodkada biraz ýag goşup çalaja gyzarýança gowurmaly, islegiňize görä duzlamaly.
✔ Pomidor, hyýar, sogan, bulgar burçy inçe edip kesmeli. Hersini aýry goýmaly. Dogralan sogany biraz eliňiz bilen ýumuryp ýitiligini azaltmaly. Gök otlary ownuk edip dogramaly.
✔ Sarumsagy ownuk dograp maýonez, ketçup, soýa sousy bilen garyp tagamly sous ýasamaly.
✔ Lawaşy açyp içine eti we taýynlan zatlarymyzy goýuşdyryp sous çalmaly we towlamaly.
✔ Islege görä duhowkada ýa-da grilde 2-3 minut goýmaly. Işdäňiz açyk bolsyn!
Näçe adamlyk: 😊 2 | Taýynlmak: ⏰ 15 | Bişirmek: ⏰ 10
📷 Suratlary → https://blog.naydizdes.com/resept/lawas-doner-oyde-bisirilisi/?ref=ig
Siz hem bilýän türkmençe we suratly reseptrleriňizi bize iberiň!
Ýap