Skip to content

Lawasdan truboçka börek

Lawasdan truboçka börek

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 20 | Bişirmek: ⏰ 40

Ertirlik üçin ýa-da naharyň ýanynda goşmaça bolar ýaly owadan we tagamly truboçka böregiň lawaş bilen edilýän resepti.

Içindäkiler — Lawasdan truboçka börek taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 1 sogan.
  • 1 kartoşka.
  • 4 list lawaş.
  • 1 ýumurtga.
  • 100 gram peýnir.
  • ösümlik ýagy.
  • ukrop petruşka.
  • duz, gara burç.

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Kartoşka we sogany ownuk dogramaly we biraz ýag bilen skoworodkada gowurmaly. Duz burç islege görä goşmaly. Bişen soň otdan aýyrmaly we peýnir eremez ýaly azajyk sowatmaly.
  2. Peýniri, ukroby, petruşkany ownuk dogramaly we üstüne goşup garmaly.
  3. Lawaşy 4 bölek edip kesmeli. bir gyrasyna uzyn edip taýynlan garyndymyzy goşmaly. Ýumurtgany bulamaly we galan ýerine çalmaly. Lawaşy bir gyradan towlap inçejik truboçka şekil etmeli. Üstüne hem ýumurtga çalmaly.
  4. 150 gradus gyzdyrylan duhowkada gyzarýança bişirmeli. Edip görýänler üçin işdäňiz açyk bolsyn.

Suratlary

Lawasdan truboçka börek surat 1Lawasdan truboçka börek surat 2Lawasdan truboçka börek surat 3

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 1,679 gezek görüldi. Paýlaş tekst