Skip to content

Otly somsa

Otly somsa

Näçe adamlyk: 😊 6 | Taýynlmak: ⏰ 40 | Bişirmek: ⏰ 20

Owadanja bükülen otly we kartoşkaly somsa resepti.

Içindäkiler — Otly somsa taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

Hamyry ucin:

  • 1 sany ýumurtga
  • 50 gr mesge yagy
  • Suw
  • 4.5 stakan un
  • 0.5 çay çemce duz

Iç harjy ücin:

  • 2 bogdak ysmanak
  • 3 sany ýaş sogan
  • 1 sany duyp sogan
  • 1 sany kartoşka
  • 100 ml ösümlik ýagy
  • Duz
  • Burç

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Ilki bn hamyrymyzy ýugurmaly. Ýumurtgany, mesgäni, duzy goýup suwyny guýup govy garmaly. Sonra ununy goyup yumşajyk ele yapyşmaýan hamyr ýugurmaly. Hamyry 15 minut töweregi üstuni ýapyp demini alýança goýmaly.
  2. Ysmanagy we ýaş sogany uşajyk dogramaly we uly jama salyp gyra aýyrmaly.
  3. Kartoşkany sogany maýdajyk dograp bir taba ýagy guýup, ýagda ýumşaýança gowurmaly we gyzgynlygyna ysmanagyn ustune guýup duzuny burçuny islega gorä atyp gowy garmaly.
  4. Hamyry 4 zowala bölmeli we birini alyp gaty yuka bolmadyk şekilde ýaýmaly. Suratda gornüşi ýaly 4 burçluklara bölemeli. Içine ysmanakly harjymyzy bir nahar çemçeden goýup 4 burç şekilde bükmeli. Eger siz isleseniz başga gornuşde hem büküp bilersiñiz.
  5. Howur pejin galybyny yaglap somsalary düzüp 170-180° ýuzi gyzarýança bişirmeli. Işdaniz açyk bolsun!!!

Suratlary

Otly somsa surat 1Otly somsa surat 2Otly somsa surat 3Otly somsa surat 4Otly somsa surat 5Otly somsa surat 6Otly somsa surat 7Otly somsa surat 8Otly somsa surat 9Otly somsa surat 10Otly somsa surat 11Otly somsa surat 12Otly somsa surat 13

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 3,624 gezek görüldi. Paýlaş tekst