Skip to content

🐶 It ýyly

Müçenama it ýyly barada maglumat

It ýyly müçe ýyl hasabyna görä on iki ýylyň on birinjisi. It ýylynda dogulan adamlara iñ oñat häsiýetler mahsusdyr. Bular wepaly, ak ýürekli, syr saklamagy başarýan ynamdar adamlardyr. Galyberse-de wäşiligem bar, maýdaçyllyk edenoklar. Ýöne şeýle bir kesir welin aýdyp diýer ýaly däl. Kesgin hem-de ýakymsyz bir sözi morta aýdyp goýbermegi hiç zatça görenoklar. Ýerli-ýerliksiz iññirdemäge, ýok ýerden kemçilik agtarmaga ýykgyn edýärler. Adalat ugrunda şulardan oñat göreşiji ýokdur. Her bir adalatsyzlyk olarda gahar-gazap döredýär, şonuñ soñuna çykdym diýýänçäler bulara köşeşme ýok. Hakykatyñ hatyrasyna, horluk çekeniñ bähbidine elinden gelen işi edýär. Bu adamlaryñ il içinde hormaty uly. Bir gowy tarapy olar hiç samsyk hereketleriñ tarapyny tutmaýarlar we goldamaýarlar.

It ýylynda dogulanlar filosof, nesihatçy, durmuşa özüçe düşünýär, pula kän ýykgyn etmeýär. Bu adamlar özdiýenli, durnukly we çaksyz kesir. Duýgy babatynda olary daşyndan görüp, biparh hasaplaýarlar, ýöne bu juda beýle däl. Olara ähli gowy duýgular mahsus.

Bular ýeter-ýetmez ýa-da baý durmuşda ýaşasyn tapawudy ýok, elmydama pähim-paýhasly hereket edýärler. Bolelinçilik bolmasa hem oñuşyberýärler. Bardy-geldi şeýle bolaýanda-da elpe-şelpelige ýüz urmaýarlar. Pul gerek bolsa, gereginçe tapmagy başarýarlar. Adatça bu adamlaryñ örän oñat ýolbaşçylar we jemgyýetçilik işgäri çykýar. Bularda ýolbaşçylyk etmek ukyby aýratyn ösendir. Iñ esasysy, her işde işleseler-de olar örän arassa saklanmagy başarýarlar. Dil meselesinde, elbetde, dilewarlygy bar, ýönekeý düşündirýär, ýöne pikirini doly açyp bilmeýär. Özleriniñem juda ýiti akyly bar, hiç kim olar ýaly üns berip diñlemäni başarmaýarlar. Bularyñ söýgüsi hem arassa we hakyky, emma durmuşynda söýgi hossasy biynjalyk edýär. Buda olaryñ mydama galdawlyk edýänliginden we durnuksyzlygyndandyr.

It ýylynda doganlaryň durmuşy nähili bolýar?

Durmuşynyñ bütin dowamynda başdangeçirmeler we adalat ugrundaky göreşler doly bolar. Ömri durnuksyzlyk ýagdaýynda geçer.

It ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?

🐴 Ýylky, 🐯 bars ýa-da 🐰 Towşan ýylynda dogulanlar bilen bagtly maşgala bolmagy mümkin. Sygyr ýa-da Towuk ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmagy amatsyz. Luw ýa-da Goýun müçeliler bilen goşulyşmasa gowy.

It ýyly haýsy ýyllar?

It ýyllary: 1910, 1922, 1934, 1946, 1958, 1970, 1982, 1994, 2006, 2018, 2030, 2042, 2054, 2066, 2078, 2090.

Müçe ýylaryna degişli 12 ýyl.