Skip to content

Sosiskaly pizza

Sosiskaly pizza

Näçe adamlyk: 😊 4 | Taýynlmak: ⏰ 30 | Bişirmek: ⏰ 40

Öýde Italiýanyň we köp adamyň halaýan pizza reseptini taýynlamak isleýäňizmi? Onda bu sosiskaly Pizza resepti siziň üçin. Eger kakadylan sosiskadan taýynalaňyz "pepperoni pizza" resepti diýseňiz hem bolýar.

Içindäkiler — Sosiskaly pizza taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary

  • 3 stakan un
  • Ýarym paket hamyr maýa
  • 50 ml zeýtun ýag ýa-da ösümlik ýag
  • Duz
  • Suw

Sousy üçin:

  • 1 çemçe tamat
  • 1 pomidor
  • 2 diş sarymsak
  • zeýtun ýag
  • duz we gara burç

Üsti üçin:

  • Bolgar burç
  • 1 pomidor
  • 2-3 sosiska
  • Peýnir
  • Mekge, gara zeýtun konserwa

Taýynlanyşy / bişirilişi

  1. Uny bir gaba alyp duzlamaly, ortasyny açmaly we hamyrmaýany goýmaly, hamyrmaýanyň üstüne zeýtin ýagyny guýmaly we azajyk ýyly suw guýup maýany elimiz bilen eretmeli. Hamyry garmaly we ýumşak hamyr etmeli. Hamyry maýalanar ýaly aýyryp goýmaly.
  2. Sousy üçin pomidoryň gabygyny aýyryp kombaýna (blender) goýmaly, içine sarymsak, tomat we zeýtinýagyny goýup işletmeli. Duz we gara buç goşmaly.
  3. Üstüne goýmaly bolgar burç, sogan, gara zeýtun, sosiskany inçe dogramaly. Peýniri syhahdan geçirmeli.
  4. Hamyry apelsin ululygynda bölup inçe edip ýaýmaly, ýelmeşmez ýaly üstüne un sepmeli. Duhowkanyň protfinine ýagly kagyz ýazyp üstune goýmaly. Üstüne sousy tekiz edip ýaýratmaly. Peýniri deň edip sepmeli we üstüne goýjak zatlarymyzy ýeke ýekeden owadanlap goýmaly.
  5. 240 dereje gyzdyrylan duhowkada hamyr gyzarýança bişirmeli.

Suratlary

Sosiskaly pizza surat 1Sosiskaly pizza surat 2

* Resept tagamlar.com saýtynyň rugsady bilen alyndy.

👁 16,131 gezek görüldi. Paýlaş tekst