Bu ýylda dogulan adamlar sabyr-takatly we az gepli bolýar. Özlerem ynama makul hasaplanýar, daş görnüşi salykatly, özüne çekiji. Kähalat birden gahary joşup, gyzmalyk hem ediberýärler, şol wagt olar bilen kejeleşmeseň ýeňeniň, iň gowusy şeýle pursatlarda köşeşdirmäge synanşmaly. Sebäbi bu adamlaryňgahar-gazabynyň çägi ýok. Belki-de bu olaryň, esasan, gaharyny ýuwudyp gezýändigi we içinde hyň berip berçigip ýatandygy üçin bolsa gerek.
Sygyr ýyly 12 müçe ýyllaryndan ikinjisi. Daş görnüşinden seretseň ýönekeý hem sada görünýän bu adamlaryň örän ýiti akyly, kesgir pähimi bar, olar pikir öwürmäge, çalt netije çykarmaga ökde. Az gepli bolsalar-da, gürrüňe gyzygyp gitseler ýakymly gürrüňçi. Göwresi daýaw, durmuşyň şatysyny çekmäge tap berip bilýärler. Kynçylyklary böwsüp geçmegi halaýarlar, bu ýagdaý olary has ruhlandyrýar, garşysyna çykylmagyny halamaýarlar. Özüniň mamladyklaryny anyk duýan halaty, olara garşylyk görkezen özüň bolma, sebäbi ardurja ýeňilersiň. Bu adamlaryň ynamyny syndyrmak kyn, bir ynanyp eňen ugrundan dänderjek bolsaň uly görgüdir, täzeligi ornaşdyrjak bolsa aňyrsyna göz ýetirmän işe başlamaýar, özdiýenli, öňden gelýän ýörelgä, ynama berk uýýarlar. Söwda-satyg, alyş-çalyş, telekeçilik bulardan daşda. Alyp-satarlyk işine goşsa tozdugy biläý. Her bir zat bu günde-ertirde zarur bolmasa, başga işlerini taşlap oňa ýapyşmaýar.
Sygyr ýylynda dogulan adamlara köplenç töweregindäkiler doly we dogry düşünmeýärler. Olaryň her bir zady aýlap-ölçerip edýändigi üçin, käbir adamlara bu hasam geň görünýär. Sebäbi durmuşdaky ähli zadyň oýlap aňyesyna ýetip bolmaýanlygy üçin töwekgelçilik edilýär. Bularda töwekgelçilik hasapdan soňa durýar. Maşgalasyny gowy görýärler. Çagalaryny söýýär. Ýöne öýünde aýdany edilmese gowy görenok, çagalaryny urup-ýenjiberýärler, zähmetkeş, jepakeşdikleri üçin maşgalasynyň gün-güzerany kadaly bolýar. Bu adamlaryň tapawutly taraplarynyň biri-de örän çalt karara gelmegi başarýarlar, şu ýagdaý olara köplenç üstünlik getirýär. Söýgüni ikinji derejeli zat hasaplaýarlar. Öz gezeginde bu ýagdaý olaryň maşgala gatnaşyklarynda kynçylyklar döredýär. Muňa garamazdan örän duýgur, wepaly hem-de eşreti halaýan adamlar.
Erkekleri erkinlikde işleýän işleri gowy görýär. Aýallary öýdeçi. Öýüni abadan etmek üçin alada baryny edýär.
Sygyr ýylynda doglanlaryň durmuşy nähili bolýar?
Ýaşlygy asuda, parahat geçýär, orta ýaşda durmuşynda kynçylyklar döremegi mümkin. Şonda onuň öň özüni gowy gören adamlaryň söýgüsinden, hormatyndan mahrum bolmagy mümkin. Garrylyk çagy öňat, parahat durmuşy bolar.
Sygyr ýylynda doganlar kimler bilen durmuş gursa bagtly bolar?
Sygyr ýylynda dogulanlara özüne ýanýoldaş saýlap tutmak kynyrak. 🐀 syçan ýa-da 🐔 Towuk ýylynda dogulanlar bilen nikalaşsa makul hasaplanýar. It, galyberse-de goýun ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmakçy bolsa, göwnemakul hasaplananok.
Sygyr ýyly haýsy ýyllar?
Sygyr ýyly: 1949, 1961, 1973, 1985, 1997, 2009, 2021, 2033, 2045, 2057, 2069, 2081, 2093
12 müçe ýylyny şu ýerden görüň.